Soňky habarlar

Arhiw

Çernogoriýada iň sowuk howa hasaba alyndy

18:0827.01.2022
0
912

Anomal derejedäki pes howa derejesi Balkanlar sebitine aralaşdy. Bu barada Belta ýazýar. Serbiýanyň howa gullugy edarasynyň habaryna görä, ýurduň dört sebitinde howplulygyň iň ýokary derejesi yglan edildi. Daglarda 20 gradusa çenli sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar.

Goňşy Çernogoriýada 1985-nji ýylda hasaba alnan sowuk howadan hem güýçli aýaz höküm sürýär. Mysal üçin, Kosanisa ilatly ýerinde howa 33,2 derejede sowuk, 1985-nji ýylda Rožaýe şäherinde 32 dereje sowuk howa bolupdy.

Adatça, sebitde howanyň temperaturasynyň şeýle pese gaçmagy kadadan çykma hasaplanýar, bu ýerde ýanwarda köplenç -1 we -2 derejede sowuk bolýar, kenarýakalarda bolsa 3-den 7 derejä çenli maýyl howa bolýar.

Howanyň güýçli sowamagyna Bosniýa bilen Gersogowinada hem garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň