Soňky habarlar

Arhiw

Tailandda salýut atylmagyndan gorkan maýmynlar köpçülikleýin gaçdylar

18:0725.01.2022
0
1578

Tailandda martyşkalar (makakalar tohumyndan bolan kiçijik maýmynlar) köpçülikleýin gaçdylar, sany ýüzlerçe bolan martyşkalary asmana feýerwerk atylmagy gaty gorkuzdy. Emma olar howpsuz aralyga baryp, dürli reňkli salýutlara haýran galmak bilen syn etdiler.

Bu öýsüz jandarlar ýerli häkimiýetler üçin hakyky kelleagyry. Aç maýmynlar ýerli dükanlary talaýarlar, naharhanalardyr öýlerden iýmit ogurlaýarlar, hatda aljyran jahankeşdeleriň eltelefonlaryny kakyp alyp gaçyp gidýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň