«El hünäri il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry dowam edýär

12:1125.01.2022
0
2386

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «El hünäri il gezer» ady bilen ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirilýär.

Teatr sahnasy amaly-haşam sungatynyň sergi zalyna öwrüldi, oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Halk sazy; orkestr saz gurallary; aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy; kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetlerinde okaýan gyzlara ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli çykyş etmek ynanyldy. Bäsleşige gatnaşýan gyzlar halk aýdymlaryndan we saz eserlerinden ybarat wokal konsertini hem guradylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Döredijilik bäsleşiginiň dowamynda Dünýägözel Bedalyýewa «Enejan» aýdymyny, Aýjemal Ýakubowa bolsa «Halyçy gyz» aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirmegi başardylar. Konsertde talyp gyzlaryň ýerine ýetirmeginde läleler hem ýaňlandy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Mähri Hojaýewa «Hüwdini» mähir siňdirip ýerine ýetirdi. Talyp gyz Ýazgül Jumaýewa saz hakynda rowaýaty gürrüň berdi. Mugallymlar Dürjemal Çaňlyýewa bilen Aýgül Ýagşyýewanyň fleýtada çalan «Zybagözel» halk sazy has-da täsirli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň