Soňky habarlar

Arhiw

Owadandepedäki aýna kärhanasynda geçen ýyl 183,70 million manatlyk önüm öndürildi

11:0824.01.2022
0
672

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda geçen ýylda 183 million 70 müň 592 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhanada düz aýnanyň 5 million 887 müňden gowrak inedördül metri öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Buýurmalar esasynda bu ýerde öndürilen dürli göwrümli çüýşe gaplar hem ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Çüýşe gaplaryň önümçiliginde buýrujylaryň islegi aýratyn nazara alynýar. Kärhananyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri ýylyň ilkinji günlerinden netijeli hem-de döredijilikli zähmet çekýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň