Soňky habarlar

Arhiw

Bolliwud 2022-nji ýylyň täze ýyldyzlaryny tanyşdyrdy

16:5823.01.2022
0
964

2022-nji ýyl Bolliwud üçin uly umytlary wada berýäne meňzeýär. Sebäbi soňa goýlan filmleriň köpüsi şu ýyl ekranlara goýberiler, şunuň bilen birlikde täze kino ýyldyzlary bilen tomaşaçylar tanyşdyrylar. Olaryň arasynda 2022-nji ýylda ilkinji gezek kino düşjek belli aktýorlaryň ogul-gyzlary hem az däl.

Şahruh Hanyň gyzy Suhana Han şu ýyl ilkinji keşbi bilen ekranlarda peýda bolar. Ol Zoýa Ahtaryň filminde baş keşpleriň birini janlandyrar. Rowaýaty Şridewiniň ikinji gyzy Kuşi Kapur bu ýyl kakasy Boni Kapuryň filminde uýasy Janwi bilen bile çykyş eder.

2022-nji ýylda ekranlara çykjak ýigitleriň ikisi belli boldy, olar Amitabh Baççanyň agtygy, ýagny Baççanyň gyzy Şweta Nandanyň ogly Agastýa Nandadyr.

Hindi kino metbugatynda rowaýaty aktýor Mithun Çakrabortiniň körpe ogly Namaşi Çakrabortiniň bu ýylky ilkinji filmine uly üns berilýär. Ol režissýor Rajkumar Santoşiniň “Bad Boy” filminde çykyş edýär. Ýeri gelende aýtsak, bu köp garaşylýan film 2020-nji ýylda ekranlara çykmalydy, emma koronawirus ýokanjy sebäpli soňa goýlupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň