Soňky habarlar

Arhiw

10-njy fewral taryhda

00:1710.02.2015
0
3215

Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

2011-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn şalygyna resmi sapary tamamlandy. Manamada “Gudaibiýa” köşgünde iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümdäki duşuşygy we iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

2006-njy ýyl — Turinde (Italiýa) XX gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

2009-njy ýyl — kosmanawtikanyň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Ýer älem giňişliginde hiç birine zeper ýetirmedik Kosmos — 2251 we Iridium emeli hemralarynyň çaknyşmagy bolup geçdi.

2005-nji ýyl — Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda ýerli häkimiýete saýlawlaryň ilkinji tapgyry geçirildi. Oňa diňe 21 ýaşan we ondan uly erkek adamlar gatnaşdyryldy. Ol soňky 30 ýylda bu ýurtdaky ýerli häkimiýete ilkinji saýlawlar boldy.

1998-nji ýyl — Azerbaýjanyň Mejlisi ölüm jezasyny ýatyryp, ony ömürlik tussaglyk bilen çalşyrdy.

1996-njy ýyl — IBM Depp Blue naýbaşy kompýuter bilen Garri Kasparowyň arasynda ilkinji küşt duşuşyk başlandy (4:2 hasabynda G. Kasparow ýeňdi).

1995-nji ýyl — GDA döwletlerinde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak barada memoranduma gol çekildi.

1947-nji ýyl — Parižde ikinji jahan urşunyň ýeňiji döwletleri bilen Germaniýanyň öňki soýuzdaşlarynyň arasynda parahatçylykly ylalaşyklara gol çekildi.

1935-nji ýyl — Ysraýylyň Nagariýa şäheri esaslandyryldy.

1906-njy ýyl — öz döwrüniň iň oňat harby gämisi bolan “Drednout” (“Gaýduwsyz”) suwa goýberildi.

1890-njy ýyl — rus şahyry we ýazyjysy edebiýat ugrundan Nobel baýragynyň eýesi (1958) B. L. Pasternak dünýä indi.

1936-njy ýyl — ütük barada ilkinji gezek resmi ýagdaýda ýatlanyp geçilýär. XVIII asyryň bugly ütügi içine salnan kömrüň közüniň kömegi bilen gyzdyrylypdyr. Eşik ütükleýän enjamlar ir döwürlerde oýlanyp tapylypdyr. Biziň eramyzdan ozalky 4 asyrda eşikdäki gasyny ýazmak gyzgyn demir simiň kömegi bilen ýerine ýetirilipdir.

Russiýada, Diplomatik işgärleriň güni.

Russiýa, Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ýatlama güni.10-njy fewral taryhda

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň