Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly alymlar: «Sputnik V» omikrona garşy «Pfizerden» 2 esse täsirli

18:3621.01.2022
0
883

Rus alymlarynyň «Sputnik V» sanjymy omikron ştammyna garşy täsirlilik babatda Pfizer sanjymyndan iki esse güýçli täsire eýedir, bu barada Italiýanyň Spallansani institutynyň barlaglary güwä geçýär. Habar Göni maýa goýumlar Rus gaznasy tarapyndan ýaýradyldy.

Ady tutulan institutda laboratoriýa şertlerinde geçirilen barlaglar netijesinde rus sanjymynyň «Pfizeriň» sanjymy bilen deňeşdirilende, omikrona garşy 2,1 esse ýokary derejede täsirlidigi belli boldy, ýagny ol koronawirusy ýok etmek babatda has güýçli garşylyk görkezýär.

Russiýaly lukmanlar täze «Sputnik Laýt» sanjymynyň buster görnüşinde ulanylmagynyň omikrony has-da zyýansyzlandyrýandygyny nygtaýarlar.

«Spitnik V» sanjymy 2020-nji ýylyň awgustynda Russiýada hasaba alnypdy, ony ýurduň Gamaleýi adyndaky ylmy merkeziniň hünärmenleri işläp düzdüler. Häzir ol dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda resmi bellige alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň