Soňky habarlar

Arhiw

Taitiniň kenarlarynda iň uly merjen gaýalarynyň biri tapyldy

18:3321.01.2022
0
799

Fransuz barlagçylary Taitiniň kenar ýakalarynda möçberi babatda dünýäde iň iri bolan düýbünden sagdyn merjen gaýasynyň üstünden bardylar. Bu barada ÝUNESKO habar berdi.

Uzynlygy 3 kilometr bolan merjen gaýasy 30-65 metr çuňlukda ýerleşýär. Alymlary onuň ilkinji tebigy görnüşinden mizemän galandygy haýran galdyrdy. Bu häzirki ählumumy maýlama döwründe juda seýrek ýagdaýdyr.

«Merjen gaýasynyň has çuň ýerde ýerleşmegi onuň asyl durkuny ýitirmändiginiň sebäbidir» diýip, Fransiýanyň Ylmy barlaglaryň milli merkeziniň (CNRS) işgäri Letisiýa Heduen nygtaýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ählumumy maýlama we tebigy hadysalar ummanlardyr deňizlerdäki merjen gaýalara ýaramaz täsirini ýetirýär, olar käbir ýerlerde saralyp-solmak bilen, bu bolsa olaryň keselländigini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň