Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň elektrik stansiýalary utgaşykly dolanyşyga geçiriler

22:3020.01.2022
0
2139

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Energetika ministri H.Rejepmyradow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen Ahal döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň düzüminde bug turbina generator binasy, 4 sany bug gazany, 2 sany transformator we beýleki kömekçi desgalar bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň düzümine bug turbina binasy, sowadyjy desga, howa gysyjy bina, ätiýaçlyk dizel generatory, ýagyş suwuny toplaýjy desga, transformator bekedi, bug gazany, esasy elektrik paýlaýjy desga we beýlekiler girýär.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketleriniň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň