Arhiw

Brend egin-eşikleriň utuşly aksiýasy 30-njy ýanwara çenli uzaldyldy

09:4621.01.2022
0
3873

“Colin's”, “Koton”, “Koton Kids”, “Mavi”, “Ramsey” we “Altin Yildiz” markaly brend egin-eşikleriň dükanlary yglan eden utuşly aksiýasynyň möhletiniň 30-njy ýanwara çenli uzaldylýandygyny habar berýär.

Utuşly aksiýanyň şertlerine laýyklykda, ýokarda ady agzalan dükanlaryň islendik birinden 1000 manatlyk mukdarda söwda etmeli. Şonda alyja gymmat bahaly baýraklary gazanmaga ýa-da geýimleriň islendik görnüşini 10% arzanladyş bilen satyn almaga mümkinçilik berjek utuş petegi berilýär. 2000 manatlyk mukdarda eden söwdaňyz üçin iki petek, 3000 manatlyk söwda üçin hem üç sany utuş petegini alyp bilersiňiz.

Petegi alanyňyzda dükana hökmany suratda pasportdaky at-familiýaňyzy hem-de telefon belgiňizi belletmelidir. Şeýle hem petegiňizi çalşyp bolmaýar we ol ýitirilen ýagdaýynda yzyna gaýtarylmaýar. Bir dükandan satyn alan harydyňyz üçin berilýän petegi beýleki bäş dükanyň islendik birinde ulanyp bilersiňiz.

Aksiýanyň utuş baýraklarynyň hatarynda 10 sany smartfon, 10 sany telewizor, 5 sany sowadyjy, 5 sany kir ýuwujy maşyn hem-de “Toyota Corolla” awtoulagy bar. Bulardan başga-da, baýraklaryň içinde brend dükanlaryň egin-eşikleri hem-de dürli hili kiçi göwrümli hojalyk enjamlary bardyr.

Utuşly aksiýanyň netijeleri 30-njy ýanwarda jemlener. Aksiýanyň jemleriniň has takyk wagtyny Instagram sosial ulgamyndaky asman_express hasabyndan anyklap bilersiňiz. Giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri:

  • “Ramsey” dükany: +99361644118;
  • “Colins”, “Mavi” dükanlary: +99361643987;
  • “Koton Woman” dükany: +99361643996;
  • “Koton Kids” dükany: +99361643985;
  • “Altin Yildiz Classics” dükany: +99361644059.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň