Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gyzlarynyň arasyndaky bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

14:1920.01.2022
0
1279

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Edepli hem çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşiginiň Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.

Türkmen gözelleriniň durmuşa taýýarlygyny kämilleşdirmek, gözelligi el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksadynda geçirilen bäsleşik gyzlaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, ukyplaryny, ünslüligini äşgär etdi.

Bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, bäsdeş gyzlar sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edişleri, maşgala gymmatlygyna sarpasy, maşgala agzalary üçin ertirlik taýýarlaýyşlary, boş wagtlary ýerine ýetirýän işleri dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

Soňra berlen wagtyň dowamynda milli mirasymyza öwrülen keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, jähek, aldymgaç çalmak, alaja işmek, örmek ýaly ýerine ýetiren el işlerini hödürlediler.

Ruhubelentlikde, baý many-mazmuna beslenip geçirilen bu bäsleşigiň tutuş dowamynda uz gözelleriň durmuşa taýýarlygy, milli mirasymyza, ýörelgelerimize hormat-sarpasy, döwre gatnaşygy doly açylyp görkezildi. Bir-birinden erjel çykyş edip, has tapawutlanan gyzlar öňe saýlandylar. Netijede, bäsleşikde ýeňişli orunlara mynasyp bolanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň