Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Aşgabat sitiniň» gurluşygynyň taýýarlygyna nägilelik bildirdi

21:3219.01.2022
0
1803

Şu gün – 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin paýtagtyň demirgazyk künjeginde bardy. Bu ýerde türkmen Lideri «Aşgabat siti» toplumynyň desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler boýunça şäheriň gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi, şeýle-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr inženerçilik desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany täze «Aşgabat siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, işleri talaba laýyk guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin, Gurulýan desgalar direksiýasynyň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti işleri degişli derejede ýol goýmagy berk talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň