Soňky habarlar

Arhiw

Şazada Garri polisiýa goragyny talap edýär

15:0617.01.2022
0
1275

INTERFAX.RU habarlar gullugy şazada Garriniň özüne polisiýa goragyny üpjün etmek barada Beýik Britaniýanyň hökümetiniň üstünden kazyýete arz etdi.

Ol özüniň howpsuzlygynyň ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigi üçin Watanyna gelmäge ätiýaçlanýandygyny aýdýar. Häzir ol aýaly bilen ABŞ-da hemişelik ýaşaýar, emma Britaniýa görme-görşe gelende, amerikan hususy firmasynyň janpenalaryny hakyna tutmaga mejbur bolýar. Emma olar meni goramakda ýeterlik professional derejä eýe däl diýip, şazada nygtaýar.

Bu ýagdaý Beýik Britaniýanyň taryhynda korol maşgalasynyň agzalarynyň ýurduň hökümetine garşy ilkinji kazyýet ýüztutmasy bolup biler diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň