Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýa milli peýnire hukugyny elden giderýär

15:0117.01.2022
0
850

Grýuýer mundan beýläk şweýsar peýniri hökmündäki hukukdan mahrum edilip bilner. Sebäbi indi ony isledigiçe öndürmek hukugyna amerikan öndürijileri dalaş edýärler. Bu ýurduň Wirginiýa ştatynyň federal kazyýeti «grýuýer» diýen sözüň amerikanlar tarapyndan haýsydyr bir ýewropa ýurduna degişli peýnir hökmünde däl-de, eýsem, adaty peýnir hökmünde kabul edilýändigini ykrar etdi. Kararda grýuýeriň ABŞ-da sebit önümleriniň adyny gorap saklamak boýunça ýewropa kanunlarynyň güýje girmezinden kän öňem öndürilýändigi we köp ýurda satylýandygy bellenýär.

Emma indi şweýsar we fransuz peýnirçileri bu karary şikaýat etmekçi bolýarlar. Amerikan kazyýetiniň çykaran kararyna Ýewropanyň peýnir öndürijileriniň birleşmesi hem garşy çykýar.Ýerwopaly peýnirçiler hakyky grýuýeriň däp bolup gelýän usullar arkaly tebigy garyndylardan taýýarlanýandygyny, olaryň bolsa diňe ýewropa sebtilerinde bardygyny ýaňzydyp, Wiskonsinde şweýsar we fransuz grýuýeriniň gaýtalanmajak tagamyny döredip bolmajakdygyny nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň