Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2022: «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» garşydaşlary mälim boldy

14:1117.01.2022
0
7081
AFK-nyň kubogy ― 2022: «Altyn asyr» bilen «Köpetdagyň» garşydaşlary mälim boldy

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry üçin bijeler çekildi. Olarda bu ýaryşdaky wekillerimiz ― «Altyn asyr» hem-de «Köpetdag» futbol toparlary garşydaşlaryny bildiler.

Ýaryşa geçen ýyl girizilen üýtgeşmelere görä, Merkezi sebitden gatnaşýan toparlar iki toparçany emele getirýär. Olaryň birine dört, ikinjisine üç topar wekilçilik edýär.

Şeýlelikde, Merkezi sebitiň birinji, umumy ýaryşyň bolsa «E» toparçasyny ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony «Altyn asyr», Özbegistanyň «Nasaf» (ýa-da «Sogdiana»), Täjigistanyň SSKA we Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparlary emele getirdi.

Sebitdäki ikinji, umumy ýaryşdaky «F» toparçany bolsa ýurdumyzyň alty gezek çempiony «Köpetdag» we Gyrgyzystanyň «Dordoý», Täjigistanyň «Hujand» toparlary düzdüler.

Her toparçada birinji orny eýelän topar ýaryşyň sebitleýin finalyna gatnaşar.

Geçen ýyl Merkezi sebitiň wekili ― Özbegistanyň «Nasaf» futbol toparynyň AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýetendigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem Konfederasiýa bu sebitiň duşuşyklaryna aýratyn uly ünsi gönükdirýär. Çünki soňky dört möwsümde iki topar bu ýaryşyň final duşuşygyna çenli baryp ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň