Soňky habarlar

Arhiw

Nowi-Sad şäheri Ýewropanyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

14:0517.01.2022
0
528

Serbiýäniň Nowi-Sad şäheri 2022-nji ýyl üçin Ýewropanyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şähere bu derejäniň gowşurylyş dabarasy ýerli Milli teatrda boldy. Serbiýäniň premýer-ministri Ana Brnabiç dabarada çykyş edip, Nowi-Sad şäherini kämilligiň we innowasiýalaryň merkezi diýip atlandyrdy.

Şäher ýurtda ululygy boýunça ikinji ýerde durýar. Ol Dunaý derýasynyň iki kenaryny eýeläp otyr, şonuň üçin ony «serbleriň Afiny şäheri» diýip atlandyrýarlar. Ýewropanyň medeni paýtagty her ýyl Ýewropa Bileleşiginiň geňeşi tarapyndan bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň