Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022: «Ahalyň» garşydaşlary belli boldy

12:0817.01.2022
0
4096
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022: «Ahalyň» garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy.

Şu gün geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Ahal» Eýranyň «Fulad», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bilen «C» toparçada ýaryşar.

Eýranyň «Fulad» futol topary geçen ýyl ýurduň kubogyna eýe boldy. «Fulad» AFK-nyň Çempionlar ligasyna taryhynda bäşinji gezek gatnaşýar. Topar taryhynda bir gezek yklym ýaryşynyň 1/16 finalyna çykyp gördi.

BAE-niň «Şabab al-Ahli» topary şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky 10-njy synagyna çykar. Topar geçen ýyl ýurduň çempionatynda üçünji orny eýeläp, BAE-niň Prezidentiniň kubogyna mynasyp boldy.

Kataryň «Al-Garafasy» toparçada AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky iň tejribeli wekildir. Ol bu ýaryşa şu ýyl 12-nji gezek gatnaşar. «Al-Garafa» geçen ýyl ýurduň çempionatynda dördünji orny eýeledi. Topar taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çenli baryp ýetdi.

Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklarynyň aprel aýynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň