“Bossan Concept” dükanlaryna täze mebeller geldi

11:0916.01.2022
0
4572

“Bossan Concept” dükanlaryna baglar, howlular hem-de eýwanlar üçin öý mebelleriniň täze görnüşleri geldi.

Bu mebelleriň ählisi Türkiýäniň önümi bolup, döwrebap dizaýna laýyklykda döredilendir.

Ýörgünli reňklerdäki ajaýyp mebel toplumlary duralumin we çaý agajy ýaly ýokary kuwwatlykly materiallardan ýasalýar.

Duraluminiý özünde ýokary kuwwatlygy bolan erginleri saklaýar. Bu awiasiýa, kosmonawtika we maşyn gurluşygynyň beýleki ugurlarynda esasy gurluşyk materialy bolup, gurluşyň iň az massasy esasy orna eýedir. Tik agajy örän gymmatly agaçlaryň çeşmesidir. Tik howa şertlerine çydamlylygy talap edýän bag mebelleri, gämi palubalary üçin ulanylýar.

“Bossan Concept-iň” mebel toplumlarynda şeýle hem naharhana üçin stollar we oturgyçlar, kreslolar, dynç alyş meýdançasy üçin stollar we diwanlar bar. Bulardan başga-da, dükandan täze bag sallançaklaryny, hiňňillikleri tapmak bolýar.

“Bossan Concept” dükanlarynyň maslahatçylary siziň howlyňyzyň, bagyňyzyň we eýwanyňyzyň dizaýnyna laýyk gelýän ýa-da beýleki gelşikli mebel görnüşlerini saýlamaga ýardam ederler.

“Bossan Concept” dükanynyň habarlaşmak üçin belgileri:

  • - Instagram hasaplary: @bossan_concept @bossan_flora @bossan_outdoor_tm @bossan_coffee_garden;
  • - Telefon belgileri: 415554, 726060;

Dükanlaryň salgylary: Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, “Dürdäneli” söwda merkezi (15-nji tapgyr); “Aşgabat” söwda merkezi, 2-nji gat, A-201 dükany.

Ozal bolsa “Home Concept” dükanlarynda diwar sagatlarynyň köp sanly görnüşleriniň hödürlenýändigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň