Italiýada geçen ýyl her ýarym sagatdan ýertitreme hasaba alyndy

10:5815.01.2022
0
1251

Italiýaly seýsmologlar geçen 2021-nji ýylda ýurduň çäginde we onuň serhetýaka etraplarynda 16 müňden gowrak ýertitremäni hasaba alypdyrlar. Bu günde 44 töweregi ýerasty sarsgynlar diýmekdir, netijede, her ýarym sagatdan ýer titräpdir. Bu barada Italiýanyň Geofizika we wulkanologiýa milli institutynyň maglumatlaryna aýdylýar.

Edaranyň hasabatyna görä, iň köp ýer titreme bellige alnan ýerler günorta Sisiliýa we merkezi Marke hem-de Umbriýa ülkeleridir.

2020-nji ýylda bolsa, ýurtda 16 müň 597 sany ýertitreme hadysasy bolupdyr.

Iň soňky gezek güýçli ýertitreme Italiýada 2016-njy ýylyň awgustynda Amatriçe şäherinde bolup, ol 299 adamyň pida bolmagyna getiripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň