Türkmenistanda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana gurlar

22:5214.01.2022
0
38094

“Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny” hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bilen şertnamany, kärhana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň we desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak hem-de olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we kärhanany 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň