Soňky habarlar

Arhiw

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň hünärmenleri gözlerimiz üçin peýdaly endikler barada gürrüň berýärler

15:2113.01.2022
0
3547
“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň hünärmenleri gözlerimiz üçin peýdaly endikler barada gürrüň berýärler

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň maslahatçy hünärmenleri “Turkmenportal” habarlar saýtynyň okyjylary üçin nobatdaky gezek özleriniň peýdaly maglumatlaryny ýetirýärler. Bu gezek gürrüň ýüze çykyp biljek kynçylyklary ýeňilleşdirmäge we görüşiň ýitiligini saklamaga ýardam etjek täsirli endikler baradadyr.

Şu endikleri kämilleşdirmäge synanyşyň:

  • Kompýuteri ýa-da telewizory uzak wagtlap görmäň;
  • Işleýän ýeriňizi yşyklandyryň;
  • Kompýuterde işleýän mahalyňyz wagtly-wagtyna dynç alyň;
  • A witamine we antioksidantlara baý bolan iýmitleri iýiň;
  • Multiwitaminleri içiň;
  • Ukyňyzyň kadalylygyna gözegçilik ediň;
  • Gözleriňiz üçin gimnastika bilen meşgullanyň;
  • Gözleriňiziň ýagdaýyny yzygiderli barlamak üçin oftalmologyň maslahatyny alyň.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň harytlarynyň hatarynda oftalmologik dermanlar we allergiýa, ýokançlar we gözleriň ýadawlygy üçin derman serişdeleri, wirusa garşy we agyryny aýryjy serişdeler, görüşi kadaly saklamak we oftalmologik keselleriň ösmeginiň öňüni almak üçin zerur bolan witaminler bar.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň sosial ulgamlaryndan işjeň peýdalanýandygyny ýatladýarys. Dermanhananyň @lalezarapteka Instagram hasabyna birikmek bilen müşderi mahabatlardan doly habarly bolar hem-de hasaby dolandyryja sorag bilen ýüz tutup biler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň