Turkmenportal logo
06.01.22
1274512745
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Şypaly Çomuç» dermanhanasynda nerw ulgamy üçin niýetlenilen dermanlyk serişdeleri satylýar

Gaharlanma, nerw dartgynlylygynyň ýokarlanmagy we dowamly ýadawlyk, adatça, adamyň durmuşynda diňe bir daşarky we içerki gyjyndyrmalaryndan däl-de, eýsem, mikroelementleriň (микроэлемент – haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň organizmlerinde ýerleşýän az mukdardaky himiki elementler) we witaminleriň ýetmezçiliginden hem ýüze çykýar.


Ýod, magniý, demir, kaliý, B, C, D we E toparlarynyň witaminleri ýaly mikroelementler (микроэлементы – haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň organizmlerinde ýerleşýän az mukdardaky himiki elementler), şeýle hem ösümliklerden ýasalan rahatlandyryjy serişdeler nerw ulgamynyň işini kadalaşdyryp biler.


Aşgabat şäheriniň Sona Myradowa köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän «Şypaly Çomuç» dermanhanasy ynamdar öndürijilerden ýokary hilli derman önümlerini hödürleýär. Bu ýerde witamin we mineral toplumlarynyň hem-de
stres (стресс – haýwan we adam bedeninde ýaramaz zatlara garşy döreýän içki kuwwatw, güýç) alamatlaryny aýyrmaga kömek edýän rahatlandyryjy serişdeleriň giň topary bar. Şeýle hem bu dermanhanada nerw-myşsa kesellerini we newrologik ýagdaýlary bejermeklik üçin niýetlenilen dürli dermanlyk serişdeleri hödürlenýär. Mysal üçin, Alsgeýmer we Parkinson keselleri.


«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň köpsanly dermanlyk önümleriniň dürli görnüşleri hem-de bu dermanlar baradaky görkezmeler bilen «lalezar-apteka.com» web sahypasynda tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem, bu dermanhananyň web sahypasynda tejribeli hünärmenleriň muzdsuz (tölegsiz) onlaýn maslahat berýändigini ýatladýarys.