Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Malaý» gaz käninde maslahat geçirdi

23:0504.01.2022
0
4483
Türkmenistanyň Prezidenti «Malaý» gaz käninde maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Milletiň Lideri täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geofiziki we geologik-gözleg işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, korporasiýanyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda ýerli hünärmenleriň ýerine ýetirýän işleriniň gerimini giňeltmek, ylmy açyşlary höweslendirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam edýändigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy hem-de degişli goldawyň berilýändigi üçin milletiň Liderine toplumyň ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Milletiň Lideri türkmen topragynda tebigy gazyň baý gorlary bar, olaryň adamzadyň abadan durmuşynyň bähbidine ulanylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň