Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Mary welaýatynda 13 müň gektar ýere ýeralma ekiler

12:5305.01.2022
0
7524

Mary welaýatynda 2022-nji ýylda ýeralma ekiljek meýdanlar ozalkysyndan köpeldiler. Şu ýyl sebitde 13 müň gektar ýere ýeralma ekiler diýip, metbugat habar berýär.

Şunça ýeriň 2300 gektary Türkmengala etrabyna degişli bolar. Bu bolsa geçen ýyldakydan iki esse kändir. Etrabyň daýhanlary Watan harmanyna 32 müň 200 tonna hasyl tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Bu işe etrabyň üç daýhan birleşigi gatnaşar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, ozal pagta ekilen ýerleriň 40 müň gektary gök-bakja ekinleri üçin aýrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň