Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň iň uly "Galkynyş" gaz ýatagyna baryp gördi

23:1503.01.2022
0
8774
Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň iň uly "Galkynyş" gaz ýatagyna baryp gördi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen Lideriniň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy.

Döwlet Baştutany uçuş wagtynda Türkmenistanda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy. Gündogar senenamasy boýunça bars ýyly bolan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde täze ýylyň her bir pursadynyň ähli ulgamlarda täze, uly üstünliklere beslenmegi üçin milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet öndürijiligi artýar.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda telefon arkaly jaň edip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işini kämilleşdirmek, onuň işine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanynyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri «Galkynyş» gaz känine tarap ugrady.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary iri «Galkynyş» gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy.

Türkmen Lideri bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy. Onuň ikinji gatynda bu sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri goýlupdyr.

Çyzgylardan görnüşi ýaly, dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda iň baý uglewodorod gorlaryny netijeli ulanmaga degişli wezipeleri çözmekde, bu pudakda daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa energiýany işlemekde iň öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý känleri ýüze çykarmak işi ylmy çemeleşmäni talap edýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de iberilýän ugurlaryny köpeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany görkezilen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. Türkmen Lideri senagatda Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň ulanylmagy Garaşsyz döwletiň rowaçlanmagynyň bähbidi ugrundaky işlere, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagyna hem-de halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljegi uly hasaplanylýan «Günorta Mary» meýdançasyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşilmelidir. Munuň özi tebigy gazyň gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň baş şerti bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirýäris diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurduň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň