Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan Türkmenistanda web saýtlary döretmek we goldaw bermek üçin ýeke-täk talaplar işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi.
Resminamada internet sahypalarynyň işleýşi bilen baglanyşykly jedelli meseleleri çözmegiň mümkin bolan usullary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli edaralaryň we guramalaryň web saýtlaryny döretmegiň zerurdygy baradaky karary esasynda milli web resurslaryň işleýşiniň dürli taraplary barada aýdylýar.
Resminama laýyklykda, talaplar ilkinji nobatda şulara degişli:
- Saýtlaryň dizaýnynyň hili;
- Habarlaryň web resurslar arkaly ýaýradylmagy;
- Ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygy;
- Onlaýn tölegleriň geçirilişi;
- Serwerleriň ulanylyşy;
- Kiberhowpsuzlygyň üpjün edilişi we beýlekiler.
Täze talaplar web sahypalaryň habarlar bölüminiň yzygiderli täzelenmegini we diňe tassyklanan hem-de ygtybarly bolan maglumatlary neşir etmegi göz öňünde tutýar. Eger habarlar başga çeşmelerden alnan bolsa, onda çeşmäni görkezip baglanyşygy döretmek zerurdyr. Awtorlar tarapyndan döredilen materiallar awtorlyk hukugynyň goralmagy üçin gol bilen ýerleşdirilmelidir.
Resminamany düzüjiler ulanyjynyň resursa hasaba alnan mahaly gizlin maglumatlaryň howpsuz bolmagyna üns berdiler. Bu ýerde elektron poçta barada gürrüň edilip, saýtyň ýolbaşçysynyň ony şahsy maksatlary üçin ulanmaga, meselem reklama hatlaryny ugratmakda, üçünji şahsa ýollamakda hukugy ýokdur.
Resminamanyň aýratyn bölümi milli saýtlaryň kiberhowpsuzlygyna, aýratyn-da onuň tehniki talaplaryna bagyşlanandyr.
Bulardan başga-da, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, türkmen guramalarynyň resminama dolanyşygyny amala aşyrmagyň elektron ulgamlarynyň ýeke-täk talaplary işlenilip düzüldi. Täze düzgün umumymilli häsiýete eýe boljak resminama dolanyşygynyň bitewi ulgamyny döretmäge ýardam eder.