Şu günki günden Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy baradaky Türkmenistanyň kodeksine girizilen üýtgetmeler güýje girizildi.
Täze kanuna laýyklykda, göwrelilik we çaga dogurmak üçin tölenýän bir gezeklik töleg ýokarlandyryldy. Mysal üçin, indiden beýläk ilkinji doglan çaga üçin üç esse köp töleg tölener (507 manat), sekizinji çaga üçin bolsa esasy tölegden on iki esse köp pul tölegi berler (4680 manat). Çaga seretmekde berilýän aýlyk kömek pulunyň mukdary hem 30 % töweregi ýokarlandyrylýar. Ýaş eneler hem aýda 292 manat töleg alarlar.
“Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýa tölegi, çaga seretmekde berilýän ýeňillikli kömek puly hem-de maýyplyk we sosial-üpjünçilik kömek pullary 30 % ýokarlandyrylýar.
Bulardan başga-da, mundan beýläk köp çagaly eneler pensiýa ozalkydan 2 ýyl öň, ýagny 52 ýaşda çykyp bilerler.
Şunuň bilen birlikde, ýetim çagalara berilýän pensiýa tölegi ýokarlandyryldy. Eger dört çagadan ybarat maşgala eklenjini ýitiren bolsa, olaryň hersine 1373 manat kömek puly berilýär. Bäş we ondan köp çagaly eklenjini ýitiren maşgalanyň her agzasy bolsa 1558 manat pul tölegini alar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda köp çagaly maşgalalar üçin ýeňillikleriň dörediljekdigi barada öň hem habar beripdik.
Şeýle-de okaň:
- Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
- Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dogran aýal maşgalalar ýaşy boýunça has ir pensiýa çykyp biler
- Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere goşmaça hak töleniler
- Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar