Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda aragatnaşyk ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna bagyşlanyp duşuşyk geçirildi

15:4628.12.2021
0
7880

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň mowzugy aragatnaşyk bölümlerinde sanly ulgamyň şertlerini üpjün etmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagynda tagallalary birleşdirmek hem-de ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar barada boldy.

Duşuşyga Mary welaýatynyň dürli edara-kärhanalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport toplumlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Mary welaýatynyň aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, bu ugurda degişli agentligiň sanly ykdysadyýete geçmek babatda ygtyýarly edara bolmagy nukdaýnazaryndan elektron we maglumatlar binýadyna daýanýan hyzmatlar ulgamyny täze tapgyrlara çykarmakda ýardam edýän taslamalary durmuşa geçirmek dogrusynda bellediler.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak ýörelgesinden ugur alýan bu duşuşykda «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň direktorynyň radio we telewideniýe boýunça orunbasary D.Hojaýew çykyş edip, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda edarada alnyp barylýan işler, sanly hyzmatlar barada nygtady. Şeýle-de «Marytelekom» WEAK-nyň direktorynyň maglumat tehnologiýalary boýunça orunbasary S.Ballyýew 2021-nji ýyla çenli döwürde welaýatyň çäginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça edilen işler we geljekde meýilleşdirilýän innowasion taslamalar barada aýtmak bilen, halkara hyzmatdaşlyklarynyň köpgyraňly ösdürilmeginiň netijesinde welaýatyň aragatnaşyk ulgamynyň häzirki tapgyrynda ýola goýulýan özgertmeler barada aýratyn durup geçdi.

Bulardan başga-da, duşuşykda Mary welaýatynyň aragatnaşykçylary, welaýat häkimliginiň we beýleki edaralaryň hünärmenleri elektron resminama dolanyşygy, aragatnaşykda maglumat howpsuzlygy, ilaty internet bilen üpjün etmek ýaly meseleler barada çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda welaýatyň sanly hyzmatlary yzygiderli ýola goýmakda mynasyp iş alyp barýan edara-kärhanalary Mary welaýat häkimligi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň