Soňky habarlar

Arhiw

“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy sanly ulgamy ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

19:0802.03.2021
0
1596

“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdümek we kiberhowplara garşy göreş çärelerini güýçlendirmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa aragatnaşyk kompaniýalary, tehnologiýa merkezleri we beýleki degişli ugurlar boýunça hünärmenler gatnaşyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak, gündelik durmuşdaky ulanylyş çygryny giňeltmek we ulanyjylara ýeňillikleri döretmek babatda taýýarlan işleri bilen çykyş etdiler. 

Maslahatyň dowamynda “SRD – sanly resminama dolanyşygy”, “GPS sanly monitoring ulgamy”, “Maglumat tehnologiýasy we olaryň ösüşi”, “Türkmen milli elektron poçtasy – sanly.tm we korporatiw poçtalary. Olaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri”, “Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy”, “Internet torunyň ösüşi we internet hyzmatlary. Infokanal”, “Tor ulgamynda we programma üpjünçiliklerinde kiberhowpsuzlyk boýunça talaplar we ony üpjün etmegiň usullary” ýaly temalar boýunça taslamalar tanyşdyryldy hem-de olaryň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu işler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talabyna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aňladýar. Ýokarda görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmakda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda elektron senagatyny ösdürmekde, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň