Soňky habarlar

Arhiw

«Nesip etsin» internet dükanynyň «iPhone 13 Pro» utuş bäsleşiginiň tamamlanjak günleri ýakynlaşýar

13:5524.12.2021
0
4063

«Nesip etsin» onlaýn söwda meýdançasynyň müşderileri üçin Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda yglan eden bäsleşiginiň tamamlanmagyna gaty az wagt galdy. Dekabr aýynyň netijelerine görä, ýeňijilere 12 sany gymmatbaha sowgatlar we «iPhone 13 Pro» baş baýragy gowşurylar.

Bäsleşik 11-nji noýabrda başlandy we 25-nji dekabra çenli dowam eder. Bu bäsleşige gatnaşmaklyk üçin «Nesip etsin» internet dükanynyň «Erkek we aýal egin eşikleri», «Çagalar üçin önümler» we «Esbaplar» ýaly haryt görnüşlerinden bir ykjam goşundynyň hasaby boýunça 500 manatlyk söwda etmeli hem-de @nesipetsin instagram sahypasyna we onuň hyzmatdaşlaryna ýazylmaly. Şondan soň «Nesip etsin» internet dükanyndan satyn alnan harydyň çegini surata düşürmeli we suraty #nesipetsinpodarki heştegi bilen şahsy instagram sahypaňda ýerleşdirmeli hem-de bu bäsleşik barada dostlaryňyzy hem habarly etmeli.

«Nesip etsin» dükanynyň ykjam goşundysyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp bolýar.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň