Soňky habarlar

Arhiw

Täze açylan ýyldyzlary BAE-ni esaslandyryjynyň hormatyna atlandyrdylar

22:4420.12.2021
0
3329

Emirlikleriň astronomiýa barlaghanasy Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyryjy merhum Şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýanyň adyny göterýän üç sany üýtgeýän ýyldyzyň tapylandygyny habar berdi.

Russianemirates.com saýtynyň habar bermegine laýyklykda, 2020-nji ýylda Abu Dabiniň topary tarapyndan tapylan planetalar, takmynan milliard ýyl ozal Gün ulgamynyň daşynda emele gelip, bir ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. Zayed Star V1 Vulpecula atly ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär. Zayed Star V2 Perseus ýyldyzlar toplumyndan, Zayed Star V3 bolsa Kamelopardalis ýyldyzlar toplumyndan tapyldy. Ýyldyzlar -30 ° C sowadylan temperaturaly ýörite astronomiki kameranyň kömegi bilen surata düşürildi. Yşyklandyryjylaryň täze atlary Halkara üýtgeýän ýyldyz indeksine girizildi. Bu açyş doly ykrar edildi we üýtgeýän ýyldyz synçylarynyň Amerikan birleşigi (AAVSO) tarapyndan resmi taýdan hasba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň