Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýanyň täze Prezidenti saýlandy

14:3509.12.2021
0
504

Şu çarşenbede Şweýsariýanyň Mejlisi ýurduň Daşary işler ministrliginiň başlygy Inýasio Kassisi iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu barada Associated Press habar berýär.

Şunlukda, 60 ýaşly Kassis 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan häzirki Prezident Gi Parmaleni çalşar. Kassis geçen ýyl wise-prezidentlige saýlanypdy.

Şweýsariýada prezident Federal geňeşiň agzalaryndan bir ýyl möhlete saýlanýar, emma ol döwletiň baştutany hasaplanmaýar, ýagny bu wezipäni Federal geňeş ýerine ýetirýär. Şeýle-de prezidentiň ikinji möhlete saýlanmaga hukugy ýok, ol wezipesini bir ýyldan soň tabşyryp, ministrlikdäki öňki işine dolanýar.

Inýasio Kassis – bilimi boýunça lukman, ol Şweýsariýanyň Milli geňeşine girdi we ýurduň Lukmançylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti boldy. DIM-iň başlyklygynda 2017-nji ýyldan bäri işläp gelýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň