Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň täze saýlanan Federal Kanslerini gutlady

21:4508.12.2021
0
5811

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmen Lideri Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň