Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde altyn dilli gadymy mumiýa tapyldy

15:1408.12.2021
0
1071

Ýokarky Müsürde arheologlar adam jesediniň galyndylary saklanyp galan iki sany mazaryň üstüni açdylar, olaryň dilleriniň altyndan bolmagy taryhçylary özüne çekdi. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Gazuw-agtaryşlar Barselona uniwersitetiniň arheologiki topary tarapyndan ýurduň El-Banas taryhy ýadygärliginde alnyp baryldy. Ilkinji aramgähe girenlerinde, arheologlar altyn dilli iki sany jesediň üstünden bardylar, emma onuň birwagtlar üstüniň açylyp talanandygyny ýüze çykardylar. Ikinji tabyt el degrilmän eken, ony açanlarynda birgiden taryhy gymmatlyklar ele salyndy.

Arheologlar ýadygärlikde başga-da tapyndylaryň bolmagyny çaklaýarlar, şonuň üçin olar gazuw-agtaryşlary dowam etmekçi.

El –Banasdaky işler 1992-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Birwagtlar bu şäher Ýokarky Müsüriň paýtagt merkezleriniň biri bolupdyr, El-Banas grek dilindäki gadymy ýazgyly papirus kagyzlary bilen meşhurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň