Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi

13:3007.12.2021
0
889

Düýn milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Toplumlarda guralan maslahatlara milli ykdysadyýetimiziň degişli ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda we beýleki düzümlerinde ýerine ýetirilen işlere baha berildi, olaryň jemleri jemlendi hem-de öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 3-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlendi. Ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle-de şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri, ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyklary geçirmek boýunça görülmeli çäreler, şunuň bilen baglylykda, pudaklaryň maliýe ýagdaýlary seljerildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ykdysadyýetde, öňküsi ýaly, ýokary, ýagny 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Maslahatlarda dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de öňde durýan beýleki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi. Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigi nygtaldy.

Ýurdumyzda dowam edýän iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek hakynda aýdyldy. Buýsanç bilen bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli şu ýyl 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi. Şanly senä mynasyp sowgatlaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlary, «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy ýaly iri desgalar bar. Şu ýyl paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli onuň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy bolsa badalga berlen gurluşyklaryň geriminiň näderejede giňdigini görkezýär.

Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Hususan-da, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bagyşlanan halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ýanyndaky meýdançalarda ýaýbaňlandyryljak Täze ýyl dabaralarynyň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň