Soňky habarlar

Arhiw

«Ykdysadyýet» ugry boýunça türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy

13:5806.12.2021
0
1499

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen ykdysadyýet ugry boýunça onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri belli edildi.

Ykdysadyýet boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň birinji ornuna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyň talyby Guwançmyrat Arazklyçew we Meňli Begenjowa, Türkmen döwlet maliýe institutyň talyby Ismail Jumanýazow, Türkmen döwlet medeniýet institutyň talyby Bibijan Mähedowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Dilnoza Maşaripowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Abadan Hanmedowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Nazar Seýidow mynasyp boldular.

Ykdysadyýet boýunça geçirilen onlaýn olimpiadada ikinji we üçünji orunlaryň her haýsyna talyplaryň 9-sy mynasyp boldular. Ikinji, üçünji we höweslendiriji diplomlara mynasyp bolan talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp ýaşlary bar. Onlaýn olimpiada gatnaşan talyplaryň 7-sine höweslendiriji baýragy hem gowşuryldy.

Umuman sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ykdysadyýete degişli çylşyrymly meseleleri çözmekde bäsleşen talyplar ylmyň degişli ugrundan öz bilimlerini artdyrmaga ýene-bir gezek mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň