Soňky habarlar

Arhiw

“AkEnMar” PR agentligi hyzmatdaşy — “Aýly ýaz” HJ-ni tanyşdyrýar

12:2403.12.2021
0
4432

“AkEnMar” PR agentligi öz hyzmatdaş kärhanalarynyň biri bolan “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti bilen tanyş edýär.

2014-nji ýylda esaslandyrylan kärhananyň önümleri eýýäm ýurduň içerki bazarlarynda, şonuň bilen birlikde daşary ýurtlarda hem uly islege mynasyp bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda önümçilik kuwwaty ilerleýän kärhanalaryň hatarynda “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýeti özboluşly önümçiligini täze önümler bilen artdyrýar.

Hojalyk jemgyýeti, esasan-da, “TERi” haryt nyşanly gaýtadan işlenen we gaplanan önümleri bilen meşhurdyr. Onuň iki görnüşli haryt nyşany bilen öndürilýän duzlanan gök-bakja önümleri, miwe şerbetleri we mürepbeleri alyjylara ýetirilýär.

Kärhanada “TERi” hem-de “Aýly sähra” haryt nyşanlary bilen pomidor goýutmasy, pomidor şiresi, guradylan pomidorlar, duzlanan pomidorlar, marinatlanan sarymsak, marinada ýatyrlan ajy burç, ajika, ajy we süýji üwmeç, şeýle-de, gawun, kädi mürepbeleri, jemleri hem-de miwe şerbetleri öndürilýär.

Bu ýerde gök önüm we miwe gaplamalarynyň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Kärhananyň önümçiliginiň hili babatda ýokary derejeli önümleri dünýä standartlaryna laýyk gelýär. Şol sebäpden hem “Aýly ýaz” hojalyk jemgyýetine 2020-nji ýylyň noýabrynda Halkara sertifikatlaşdyrma guramasy tarapyndan ISO 9001:2015 we ISO 22000:2018 hil şahadatnamalary berildi.

“Aýly sähra” we “TERi” haryt nyşanly önümler ýurduň eksport şertlerinde mynasyp orny eýeleýär. Geljekde bolsa kärhana olary Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe we Italiýa ýaly döwletlere eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň