«Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň täze şahamçasynyň we ofisiniň tanyşdyrylyş dabarasy «Aşgabat» söwda merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň, işewür hyzmatdaşlaryň, žurnalistleriň we adaty müşderileriň gatnaşan bu çäresi 2014-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe başlan «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň döredilen gününe gabat geldi.
Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň üç şahamçasy bar. Bu hususy kärhana 2020-nji ýylda himiki usulda arassalama hyzmatlary üçin ISO 9001 hil standartyny aldy. Şeýlelik bilen, «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň işine ýokary hilli durmuş hyzmatlary kärhanalarynyň derejesine laýyk baha berildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasy tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň giň topary bilen tanyşdylar. Olara eşikleriň we dokma önümleriniň ähli görnüşlerini himiki we akwa usulda arassalama, ýerine ýetirilen sargytlary müşderiniň öýüne ýa-da işleýän ýerine muzdsuz (tölegsiz) eltip berme, geýimdäki ownuk kemçilikleri düzetme we ütükleme hyzmatlary barada maglumat berildi. Bulardan başga-da, «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň jaýlary we ofisleri tämizleme, mebelleri, penjireleri, reňkli aýnalary, potoloklary we gülçyralary arassalama hyzmatlaryny ýerine ýetirýändigi bellenildi. Şeýle hem «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň hünärmenleri aýakgaplary, deri torbalary, çemadanlary boýama işlerini ýerine ýetirýändigini habar berdi.
«Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasy hyzmatlar bazaryndaky işjeňligini dowam etdirip, dünýä meşhur bolan otagy ozonasiýa etmeklik hyzmaty bilen özüni tanatdy.
«Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň «Aşgabat» söwda merkeziniň B blogynyň birinji gatynda açylan täze şahamçasy häzirki zaman enjamlary we himiki serişdeleri bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde öz hünärine ökde tejribeli hünärmenler işlär, bu bolsa «Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň hyzmatlarynyň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
«Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň başlygy Maýa Myradowa: ««Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň soňky ýedi ýylda gazanan iň möhüm üstünligi, adaty müşderileriň sanynyň köpelmegidir.
«Maýam» durmuş hyzmatlary hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlar adamlary, ilkinji nobatda bolsa gelin-gyzlary adaty öý işlerinden azat edýär. Munuň özi bolsa, müşderilerimiziň isleg bildiren etsem-pessemlerini durmuşa geçirmäge, sport bilen meşgullanmaga we öz-özüni kämilleşdirmäge sarp etmeklik üçin has köp wagtynyň bolýandygyny aňladýar.» - diýip belledi.