Soňky habarlar

Arhiw

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi açylar

22:1227.11.2021
0
2465

Aşgabat bilen Ankara Türkmenistanda bilelikdäki türkmen-türk mekdebini açmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyklar hem gazanyldy.

Has takygy, saparyň çäklerinde bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň