Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Medeniýet we syýahat» žurnaly döredildi

23:4026.11.2021
0
4049
Türkmenistanda «Medeniýet we syýahat» žurnaly döredildi

Hökümetiň 26-njy noýabrynda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda wise-premýer M.Mämmedowa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär. Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen taryhyna hem-de medeniýetine, häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýänler üçin niýetlenen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredilmeginiň örän wajypdygyny belläp, täze neşiriň, ilkinji nobatda bolsa, onda çap edilýän makalalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.
Täze žurnal 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan üç dilde neşir edilip başlanar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna täze žurnalyň ýokary hilli we wagtynda çap edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Medeniýet ministrligine Adalat ministrligini bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň