Soňky habarlar

Arhiw

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar döredildi

10:3426.11.2021
0
15180

Türkmenistanyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

Ýokary derejedäki bu duşuşyk Aşgabatda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Bu waka Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Bu gezekki sammitiň milli senenamamyzyň şanly wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigi bellärliklidir. YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesini pugtalandyrmagy, netijeliligini ýokarlandyrmagy baş maksady hasaplaýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän XV sammitiniň hormatyna ýadygärlik şaýy pullaryň çykarylmagy üstünlikli ösdürilýän, milli hem-de umumy bähbitlere gabat gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüler.

Täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň «Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd» kompaniýasy tarapyndan ýasaldy. Şaýy pullaryň ýüz tarapynda Ýer togalagynyň şekili, onuň merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nyşany ýerleşdirildi. Ýüz tarapynyň ýokarky we iki gapdal böleginde «YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan senesi «2021» we iki sany kiçijek sekizburçly şekiller ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde, däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde, aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän «ÝÜZ MANAT» diýen ýazgy şekillendirildi. Onuň çep tarapynda täze şaýy pullaryň mähegi hem-de agramy görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda kiçijek sekizburçly şekiller bilen bölünýär.

Altyn pullaryň diametri 38,61 millimetre deň bolup, agramy 39,94 gramdyr. Olaryň mähegi örän ýokary bolup, 916,7-ä deňdir. Kümüş şaýy pullar 925 mähekli kümüşden ýasaldy. Olaryň diametri altyn puluňky ýaly bolup, agramy 28,28 grama deňdir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan güwänamasy şaýy pullaryň «pruf» hilini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul toplumynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň