Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň parlamenti milli kriptowalýutany döretmek boýunça işe başlady

18:1225.11.2021
0
842

Hindistanyň parlamenti kriptowalýutalary kadalaşdyrmaklyk maksady bilen täze kanun taslamasyny taýýarlady. Bu kanun taslamasy hindi parlamentiniň 29-njy noýabrda geçiriljek maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Düýn – 23-nji noýabrda hindi parlamentiniň resmi web sahypasynda bu ýurtda hereket edýän kriptowalýutalary kadalaşdyrmaklyk maksady bilen taýýarlanylan täze kanun taslamasynyň beýany ýerleşdirildi. Täze kanun taslamasynyň beýanyna görä, Hindistanyň Premýer-ministr Narendra Modi Merkezi banka resmi sanly walýuta döretmegi teklip edýär.

Hindistanyň Premýer-ministr Narendra Modi metbugat ýygnagynda eden çykyşynda: «Täze kanun taslamasy Hindistanda ähli hususy kriptowalýutalary gadagan etmegi maksat edinýär, ýöne esasy tehnologiýalary we cryptocurrency ulanmagy höweslendirmek üçin käbir kadadan çykmalara mümkinçilik berýär.» - diýip belledi.

Hindistan 2018-nji ýylda kriptowalýuta amallaryny gadagan etdi, ýöne Ýokary Kazyýet 2020-nji ýylyň mart aýynda bu çäklendirmäni ýatyrdy. Hindistanyň Merkezi banky hususy wirtual walýutalara garşy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň