«Gerekli» internet dükany anna güni uly arzanlaşyk çäresini yglan edýär

10:1925.11.2021
0
4459
«Gerekli» internet dükany anna güni uly arzanlaşyk çäresini yglan edýär

«Gerekli» internet dükany anna gününde birnäçe önümlerine uly arzanlaşyk çäresini (10 göterimden 50 göterime çenli) yglan edýändigini habar berdi. 26-njy noýabrda «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň «Gara anna güni» aksiýasy bütin gün dowam eder.

Şol gün şu aşakdaky önümleri arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz:

• 10 göterim: «Asia tech» dükanyndan sagatlary we gulaklyklary, «Chemodan kids» dükanyndan çaga eşikleri;
• 20 göterim: «Monty» we «Blooming shop» dükanlarynyň parfýumeriýa (atyrlar we wesme önümleri) harytlary, «Samsung» şereketiniň durmuş enjamlary;
• 30 göterim: «Arwana» dükanynyň aşhana gap-gaçlary;
• 40 göterim: «Faberlic» şereketiniň parfýumeriýa (atyrlar we wesme önümleri) harytlary, «Alliance-Declare», «Germaine de Cappuccini» şereketleriniň wesme önümleri.

«Gerekli» internet dükany 26-njy noýabrda «Gara anna güni» aksiýa çäresini hem geçirjekdigini habar berdi.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy müşderileri üçin arzanlaşyk aksiýalaryny yzygiderli geçirýär. Mysal üçin, her çarşenbe güni «Gerekli» internet dükanynda geçirilýän «Gerekli gün» aksiýasy käbir harytlary 5 göterimden 20 göterime çenli arzan bahadan satyn almaga mümkinçilik berýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan islendik harydy – azyk önümlerini, tämizleýji serişdeleri, egin-eşikleri, öý-hojalyk harytlaryny we durmuş enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz:

«Gerekli» internet dükany surat bäsleşiginiň ahyryna çenli bary-ýogy 5 günüň galandygyny we bu bäsleşigiň netijesinde ýeňiş gazanyp baş baýraga mynasyp bolanlara sylag hökmünde «Samsung» planşetiniň sowgat beriljekdigini ýatladýar.

Surat bäsleşigine gatnaşmaklyk üçin @gereklitm instagram sahypasynyň agzasy bolmaly we «Gerekli» internet dükanyndan satyn alnyp, surata düşürilen önümi #gerekli_fotokonkurs heşteginde öz lentaňyzyň çek belgisi bilen ýerleşdirmeli.

Surat bäsleşiginiň netijesinde 6 sany planşet 6 sany baş baýraga – her welaýatdan we paýtagtymyz Aşgabat şäherinden birinji ýere mynasyp bolan ýeňijä sylag hökmünde berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň