Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Hilal» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

23:5023.11.2021
0
5588

Aziýa klublarynyň iň uly ýaryşy AFK Çempionlar Ligasynyň final duşuşygy Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad şäherindäki Şa Fahd halkara stadionynda oýnaldy.

BAE-li Mohammed Abdulla Hassan Mohamediň eminlik eden oýnunda Saud Arabystanynyň Al-Hilal topary bilen Günorta Koreýanyň Pohang Stilers toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň eýýäm 20-nji sekuntynda araplar N. Al-Dawsariniň owadan goly bilen öňe saýlandy. Oýnuň 63-nji minutynda Gomisiň pasyndan soň Mussa Marega hasaby 2-0-a çykardy. Duşuşyk şol hasap bilenem tamamlandy.

Şeýlelikde, Al-Hilal topary yklymyň iň uly kubogyny 4-nji gezek eýelemegi başardy. 40-njy gezek guralan ýaryşda mundan öň 1991-nji ýylda, 1999/2000 möwsüminde hem-de 2019-njy ýylda kubogy eýelän Al-Hilal AFK Çempionlar Ligasynyň iň köp çempionlyk gazanan topary boldy. 3 gezek çempion bolan Pohang Stilers ilkinji gezek finalda utuldy.

Ýaryşyň iň köp gol geçiren futbolçysy Kataryň Al-Duhail toparynyň oýunçysy Mihael Olunga bolup, ol 9 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň