Stawropolyň türkmen etrabynyň awtoýollary täzelendi

18:4324.11.2021
0
3619
Stawropolyň türkmen etrabynyň awtoýollary täzelendi

“Ulag ulgamyny ösdürmek” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Stawropol sebitiniň türkmen etrabynda ýollary abatlamak üçin şu ýylyň dowamynda 82 million rubldan gowrak pul serişdeleri gönükdirildi. Bu barada stapravda.ru saýty habar berýär.

Häzirki wagtda abatlaýyş işleri tamamlandy we täzelenen ýol böleginiň umumy uzynlygy 15 km-den gowrakdyr.

Ýollary abatlamak üçin pul serişdeleri şu ýylyň dowamynda iki gezek berildi. Ilkinji gönükdirilen pul serişdeleriniň hasabyna Şarahalsun, Kulikowy Kopani, Kambulat, Letnýaýa Stawka, Kenje-Kulak we Owoşi obalarynyň ýol bölekleri abatlandy. Şonuň bilen birlikde Kazgulak obasyna girýän ýoluň hem bir bölegi işlenip bejerildi. Döwlet tarapyndan berlen pul üpjünçiliginiň ikinjisi bolsa Kazgulak, Kenje-Kulak, Owoşi hem-de Malyýe Ýagury obalarynyň ýollaryny täzelemek üçin ulanyldy. Çeşmäniň habar bermegine görä, indi bu ýollar kadaly talaplara laýyk bolup, olarda ulag dolandyrmak ýeňilleşdi.

Bu barada Stawropol sebitiniň ýol hojalygy we ulag ministri Ýewgeniý Ştepa şeýle belläp geçýär:

— “Stawropol sebitiniň obalarynyň we ilatly ýerleriniň ýaşaýjylarynyň abadançylygy, umuman, etraplaryň durmuş-ykdysady ösüşi ýol ulag ulgamynyň ýagdaýy bilen gönüden-göni baglydyr. Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýüzlerçe obalaryň ýollary abatlandy we olaryň sany ýylsaýyn artar”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň