Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda şalynyň 46 müň 700 tonnadan gowragy ýygnaldy

10:0624.11.2021
0
963

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary özleriniň ýene bir zähmet üstünligini gazandylar. Olar şalynyň 46 müň 700 tonnadan gowragyny ýygnap, döwlet borçnamasyny abraý bilen berjaý etdiler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Şu ýyl Lebap welaýatynda bu azyklyk ekiniň 10 müň 200 gektary ekildi. Bu meýdanlar welaýatyň ähli etraplaryna gyradeň paýlanylyp berlendir. Häzirki wagta çenli şol meýdanlaryň aglabasynda orak möwsümi üstünlikli geçirildi.

Galan meýdanlardaky hasyly hem isripsiz ýygnap almak boýunça işler gyzgalaňly dowam edýär.

Möwsümde döwrebap kombaýnlardan peýdalanmagyň ähmiýeti has uludyr. Olar oragy zaýasyz geçirmäge we öz wagtynda tamamlamaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň