Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22:2522.11.2021
0
8770

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge taýýarlyk görülişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda wise-premýerler, şeýle-de welaýat häkimleri Aşgabatda, welaýatlarda alnyp barylýan işler barada, dekabr aýynda belleniljek Halkara Bitaraplyk gününe hem-de

Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, oba hojalyk ulgamynda hem ýerine ýetirilýän işler barada, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almakda, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerleriň, welaýat häkimleriniň beren hasabatlaryny diňläp, olara Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň