Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty döredijilik bäsleşigini geçirýär

15:3222.11.2021
0
1460

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli “Bitarap Watanymyz nusga äleme, sport ylham berýär her bir ýürege” atly döredijilik bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik makalalar, kyssa eserleri, şeýle-de goşgular arkaly degişli mowzugy açyp görkezmegi nazarda tutýar.

Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň türkmen sportuna ýetirýän täsirini beýan etmegi, döwlet syýasaty tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesini we köpçülikleýin sporty ösdürmek, ýurtda bedenterbiýe işlerini giňden ornaşdyrmak ýörelgeleriniň ähmiýetini açyp görkezmegi, şeýle hem ýurduň sport üstünliklerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmegi maksat edinýär.

Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, oňa ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinden talyplar gatnaşyp bilerler. Talyplar döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, “Bitarap Watanymyz nusga äleme, sport ylham berýär her bir ýürege” diýen mowzugy makalalarda, kyssa eserlerinde hem-de goşgularda beýan ederler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar ýazan işlerini ady we familiýasy, ýokary okuw mekdebiniň ady we beýleki hökmany maglumatlary bilen 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli tdbsi@sanly.tm ýa-da tdbsi@mail.ru elektron poçtasyna ibermelidir.

Talyplaryň döredijilik bäsleşigine hödürlän işlerine ýurduň tejribeli žurnalistlerinden, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy boýunça bilim berýän professor-mugallymlaryndan düzülen eminler topary baha bererler. Bäsleşikde tapawutlanan talyplar I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Şeýle hem olaryň işleri “Türkmenistan Sport” halkara žurnalyna, žurnalyň “7/24.tm” elektron goşundysyna we “Türkmen sporty” gazetine çap etmäge hödürlener.

Bäsleşik baradaky has giňişleýin maglumatlary tdbsi.edu.tm resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň