Aşgabat, 20-nji ýanwar. “Türkmenportal”.
21-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmen-amerikan biznes-forumy geçiriler. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli täze çözgütler hem çemeleşmeler işlenip düzüler.
Bu maslahata gatnaşmak üçin ABŞ-dan wekilçilikli topar geler. Onuň düzüminde nebitgaz pudagyna, energetika, gurluşyga, habarlar tehnologiýasyna, saglygy goraýşa, ylym-bilime, ulag-aragatnaşyga we maliýe ulgamyna degişli ugurlarda iş alyp barmak üçin ýörite teklipleri taýýarlan iri kompaniýalaryň wekilleri bolar.
Türkmen-amerikan biznes-forumy döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda gelejekki meýilleri aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.