Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhana gurlar

23:1716.11.2021
0
12584

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanyna «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bu resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanyldy. Kararyň taslamasyna laýyklykda, şol önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleriniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu çözgüt içerki Karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar. Ylalaşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.

Soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleri öndürmäge uly ähmiýet berildi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Olaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň